
15 Mayıs 2021 22:10
“Garagum ýalkymy” tebigy gaz ýatagy bolup, bu sebitde 1971-nji ýylda gözleg işleri alnyp barlanda, sebitde buraw işleri hem amala aşyrylypdy. Buraw işleri geçirilen pursatynda garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelipdir. Göz-açyp ýumasy pursatda çuň guýy emele gelipdir. Onuň çuňlugy 20 metre, giňligi bolsa 60 metre barabardyr.
Geologlar daş-töwerege gaz ysynyň ýaýrap başlandygy duýup, gazyň düzümindäki zäherleýji maddalar janly-jandara zeper ýetirmez ýaly, onuň ýakylýandygyndan ugur alyp, ony ýakmak babatda karara gelnipdir. Şeýlelikde ol müdimi ýanýan oda öwrülipdir.
Bu ýerde türkmen alymlary daşary ýurtly alymlar bilen 50 ýyldan bäri ylmy-gözleg işlerini alyp barýarlar.
Häzirki wagtda “Garagum ýalkymy” ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir.
“Garagum ýalkymy” alawynyň özüne çekijiliginiň sebäbine düşünjek bolýan jahankeşdeler bu künjek bilen gyzyklanýarlar. Bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary, gök asman we sähranyň özboluşlylygy ynsan ruhuna oňyn täsirini ýetirýär. Agşam düşmegi bilen täsinligiň ýokarsynda al öwüsýän öwüşgin emele gelýär. Alaw bu töwereklere öz ýylylygyny eçýär. Agşamara täsinligi synlan syýahatçylaryň bu görnüşlere haýran galmagy tötänden däldir. Alawyň özboluşly öwüşgini günbatarda emele gelen altynsow şapagyň şekili bilen utgaşyp, gözellik döredýär.