
01 Temmuz 2021 19:11
Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabada gelen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary Bagdat Amreýewi kabul etdi.
Kabul edilişikde prezident Berdimuhamedow, Türkmenistanyñ Türki dünýäsi maşgalasynyñ agzasy bolandygyny we köp ýyldan bäri Türki dilli döwletler bilen doganlyk gatnaşyklary ýöredýändiklerini aýtdy.
Duşuşygyñ barşynda Türkmenistanyň bu formatdaky döwletleriň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen Türki Geňeş bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň derejesini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
2021-nji ýylyň mart aýynyň soňunda Türki Geňeşiniň resmi däl Sammitine gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow global we sebit gün tertibiniň möhüm wezipelerini çözmek bilen baglylykda, Geňeşiň maksatlarynyň ähmiýetini nygtady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyñ noýabr aýynda Stambul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki Geñeşiñ 8-nji Sammite gatnaşjakdygyny habar berdi.
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary Bagdat Amreýew, türki dünýäsiniň möhüm agzasy bolan Türkmenistanyň ähli doganlyk türki döwletleriniň strategiki hyzmatdaşydygyny nygtap Türki Geñeşiñ 8-nji Sammitine görülýän taýarlyklar barasynda maglumat berdi. Amreýew, prezident Berdimuhamedowyñ bu sammite gatnaşmagynyň türki dünýäsindäki agzybirligi görkezjekdigini aýtdy.
Prezidennt Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki Geňeşiň ykdysadyýet, söwda, ulag, energiýa, syýahatçylyk, ýaşlar we sport ugurlaryndaky taslamalary barada gürrüň beren baş sekretar Amreýew, Türk maýa goýum gaznasynyň döredilmegi we guramanyň geljekki strategiýalary barada maglumat berdi.
Mundan başga-da duşuşykda Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine ýörite derejede goşulmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.