
12 Haziran 2021 19:30
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyyew halkara uniwersitet bolmak ugrunda möhüm ädimleri ädýän we dünýäniň köp ýurtlaryndan daşary ýurtly talyplara okamaga mümkinçilik berýän Karabük uniwersitetine guran saparynyñ çäklerinde uniwersitetiň rektory Prof. Dr. Refik Polan bilen duşuşdy.
Rektor ilçä türki döwletler bilen bir hatarda dünýäniň dürli ýurtlaryndan okamaga gelýän daşary ýurtly talyplara döredilýän giň mümkinçilikler barada maglumat berdi.
Daşary ýurtly talyplary bir ýerde jemleýän bu ýokary okuw mekdebiniň köp medeniýetlilik ugruna uly ähmiýet berilýändigini bellän rektor dost we doganlyk ýurtlardan gelýän talyplara uly myhmansöýerlik bilen garaşýandyklaryny belledi.
Türkmen ilçisi bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hem-de bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soñ bolsa Türkmenistanyñ şanly Garaşsyzlygynyñ 30 ýyllygy mynasybetli çäre gurnaldy. Ilçi Işanguly Amanlyýew, eden çykyşynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlardaky ilçihanalar tarapyndan köp sanly çäräniň gurnalandygyny aýtdy.
Rektor Polat eden çykyşynda gapylarynyñ Türkmen doganlar üçin elmydama açykdygyny belläp: "Karabuk uniwersitetini öýüňiz hökmünde kabul etmegiñiz biziň üçin buýsançdyr. Bu çäräniñ hemmeler üçin peýdaly bolmagyny arzuw edýärin”-diýdi.
Çärede, türkmen talyplary milli lybaslar bilen aýdymlar we tanslar ýerine ýetirdiler. Çäräniñ ahyrynda bolsa türkmen milli tagamlary myhmanlara hödür edildi.