uc-mu-yllyk-gadymy-s-her-os

Üç müñ ýyllyk gadymy şäher: Oş

Gyrgyzystanyñ Oş şäheri 3 müñ ýyllyk taryhy bilen gelenleri özüne haýran edýär.

09 Temmuz 2021 20:54

Fergana jülgesiniñ günorta tarapynda orun alýan Oş şäheriñ üç müñ ýyllyk taryhy bar. Şäher b.e öñ IV-V asyrda Beýik ýüpek ýolunyñ iñ hereketli duralgalaryndan birine öwrüldi. VIII asyrda bolsa ýüpek önümçiliginiň merkezi hökmünde ykrar edilip başlandy. IX-X  asyrlara ýetilende bolsa Fergana jülgesindäki iñ uly üç şäherden birine öwrüldi we XII asyra çenli medeniýet, sungat we bilim ojagynyñ merkezi boldy.

XII asyrda Mongollaryñ çozuşlary sebäpli weýran bolan Oş şäherinden zamanamyza az sanda taryhy eser saklanyp galdy.

Oş şäheri, Gyrgyzystanyñ iñ uly 2-nji şäheridir we “ Günortanyñ paýtagty” diýip bilinýär. Şäher, düzlükleriň ortasyndan şarlap akýan çeşme-çaýlary, beýik daglary we göm gök çemenlikleri öz içine alýan tebigy täsinlikdir.

Taryhy, medeni we tebigy gözellikleri bilen Oş şäheri, 2019-njy ýylda türki dilli ýurtlaryñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan “Türk Dünýäsiniñ Medeniýet Paýtagty” hökmünde yglan edildi.

Habarlar