wagty-dur-an-s-heri-bahcesara

Wagtyň durýan şäheri: Bahçesaraý

Gözelligi we taryhy bilen özüne çekýän gadymy Krym şäheri Bahçesaraý, Krym hanlygynyň paýtagtydy.

28 Nisan 2021 00:54

Bahçesaraý, Ukraina bagly Krym Awtonom Respublikasynyň günorta böleginde ýerleşýän bir şäher. Krym hanlygynyň paýtagtydy.

Takmynan 30000 ilaty bolan Bahçesaraý, Krym daglarynyň demirgazyk we orta böleginiñ arasynda Çürüksu derýasynyň jülgesinde, Simferopol-Siwastopol ýoly ugrynda orun alýar.

Bahçesaraý sebiti XVI. asyra çenli tokaýlar bilen gurşalan akarsuw we çeşmeleriñ bolan ýaşyl bir meýdandy. Altyn Orda döwletiniñ hökümdarlary we has soñ gurulan Krym hanlygynyñ ilkinji hanlary bu sebite tomus paslynda aw awlamak we dynç almak üçin gelýärdiler.

I Mengli Giraý han, 1503-nji ýylda Çürüksu derýasynyñ kenarynda Han köşgi diýlip atlandyrylýan köşgi gurup, Bahçesaraýyň düýbüni tutdy. Şäher bu köşkiñ töwereginde Çürüksu derýasynyñ boýunda XVI asryñ ahyrynda gülläp ösdi. Han köşki bag bahçanyñ içinde bolanlygy üçin bu köşke Bahçesaraý ady dakyldy.

Krymdaky Türk-Yslam eserleri Çarlyk we Sowýet Soýuzy döwründe uly zeper gördi. Bu weýrançylykdan halas bolup zamanamyza gelip ýeten taryhy binalaryñ aglabasy Bahçesaraý şäherinde orun alýar. Şäheriñ iñ esasy binagärlik eserlerinden biri bolan Han Köşküniñ gurluşygynda Italýan arhitektor Alewiza Nowy işländigi üçin köşkde Galkynyş zamanasynyň yzlary bar.

Han köşkine goşulan täze bölümler bilen birlikde köp sanda metjid we medrese ýaly binalar hem gurlupdyr. Bu taryhy eserleriñ arasynda I Mengli Giraý Han we I Hajy Giraý Hanyñ kümmetleri, Altyn Orda döwrüne degişli bolan Zinjirli Medrese orun alýar.

Şäherdäki taryhy gonamçylykda Krym hanlarynyñ we Krym halkynyñ milli lideri, Türk dünýäsiniñ beýik şahsyýeti Ysmaýyl Gaspyralynyñ mazary bar.

Habarlar