
19 Mayıs 2021 13:52
XIV asyrda Teýmir şanyñ gurdyran kümmet, gümmezi, mynarasy we içerki binagärlik gurluşygy bilen tapawutlanýar. Bir gatly kümmetiñ çep tarapynda Arslan babanyñ gubury bilen talabalarynyñ mazar daşlary, sag tarapynda bolsa metjid we 7 asyrlyk Gurhanyñ nusgalarynyñ bolan sergi otagy orun alýar.
Kümmet 1990-nji ýyllarda sebitde Seýhun ( Syrderýa) derýanyñ joşmagy sebäpli uly zeper gördi. 1909-njy ýylda ýerli halkyñ kömegi bilen bir ussa tarapyndan ýañadan abatlandy.
Arslan babanyñ kümmetine zyýarata gelen hassalaryñ sagalandyklary, çagasy bolmaýan maşgalalaryñ bolsa belli wagtyñ geçmeginden soñ çagalarynyñ dünýä inýändigi gürrüñ berilýär. Kümmet 1982-nji ýylda döwletiñ goragy astyna alyndy.