
24 Haziran 2021 18:01
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen maslahata Azerrbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigystan, Owganystan, Eýran we köp ýurtdan ministir we ýokary wezipeli resmiler gatnaşdylar.
Maslahata Türkiýäniñ adyndan Energetika we Tebigy Serişdeler ministri Fatih Dönmez gatnaşdy.
Azerbaýjanyñ energetika ministri Perwiz Şahbazow maslahatda eden çykyşynda Azerbaýjanyñ nebit we tebigy gaz turba geçiriji liniýalaryndan geçirilen transport mukdary barada maglumat berdi.
Ministr Şahbazow şugünki gün Bakuw-Tbilisi-Jeýhan turbageçiriji liniýa arkaly 438 million tonnadan gowrak Azerbaýjan nebitiniň Türkiýä we dünýä bazarlaryna ugradylandygyny mälim etdi.
Maslahatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ üçegi astynda energiýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin "Bakuw Jarnamasy" kabul edildi.
Nebit we tebigy gaz önümlerini daşamak, elektrik torlaryny döretmek we ýaşyl energiýa boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky maddalary öz içine alýan jarnamada Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat edilen Azerbaýjanyñ topraklarynda ýaşyl energiýa mümkünçilikleriniñ bolandygy we bu potensialyň ulanylmagynyñ howanyň üýtgemegine garşy göreşde oňyn täsir etjekdigi bellendi.
Jarnamada, Azerbaýjanyñ “ ýaşyl energiýa konsepsiýasyny" goldamaklary üçin YHG agza ýurtlara we hakara guramalara çagyryş berildi.
Maslahatda, YHG-nyñ 2030-njy ýyla çenli “ Energiýa strategiýasy”, “ Hereket Meýilnamasy”, YHG-nyñ “ "Arassa energiýa merkeziniň düzgünnamasy" we "Sebitleýin elektrik bazarynyň ýol kartasy" hem kabul edildi.