20 Mayıs 2022 18:20
Almaty şäheri elmydama uly gyzyl alma bilen göz öñüne gelýär. Sebäbi bolsa “ alma” we “ ata” sözünden ybarat bolan şäheriñ ady “ Almalaryñ atasy” manysyny añladýar.
Týan şan daglarynyñ eteğinde we tokaýlyk yerlerde ösdürilip ýetişdirilýän “aport” diýilýän alma, şäheriñ esasy lezzet nyşanalaryndan biridir.
Almatynyñ köp ýerinde Aport almasynyñ şekli berlen heýkeljikler we ýadygärlikler orun alýar. Bulardan başga-da, “Aport” adyny köp köçelerde we uly söwda merkezlerinde görip bolýar.
Aport almasynyñ taryhy
Aport alma, 1865-nji ýylda Woronežden şähere gelen Igor Redko tarapyndan getirildi.
Woronež topraklarynda düýbi tutmayan bu almanyñ görnüşi Almatynyñ töweregindäki 900 we 1200 metr beýiklikde çalt ösdi.
Bir miwäniň agramy 500 grama ýetip bilýär.
Almatynyň uly gyzyl almalary Sowet Soýuzynyň iñ gymmatly miwelerinden biri bolupdyr we Kremlde agşamlyk naharynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr.
Almanyñ ýetişýän möwsümi
Aport almalary adatça sentýabryň ortalarynda ýetişýär we miweleri ýanwar aýynyň ortalaryna ýa-da fewral aýynyň başyna çenli saklap bolýar.
Sebitiň toprak şertleri we howasy sebäpli bu miweler uly göwrümlere ýetýär we özboluşly tagamy bolýar.
Aport, kakadylyp hem iýilýän iň lezzetli miweleriň biridir.