azerba-jandaky-anar-dag

Azerbaýjandaky ýanar dag

Ýerli ýaşaýjylaryň "ýanýan dag" diýip atlandyrýan sebit, paýtagt Bakuwyň golaýynda, Hazar deňziniň Abşeron ýarym adasynda orun alýar.

27 Şubat 2022 19:52

Hek daşyň inçe gatlagyndan alawlar çykýar. Lowurdap çykýan alawlaryñ beýikligi 15 metre çenli ýetip bilýär.

Sebitdäki geologiki gözlegler we taryhy maglumatlar bu wulkanyñ taryhynyň biziň eýýamymyzdan öñki ýyllara uzanýandygyny görkezýär.

Bu sebit, VII asyrdan Magi ybadathanasy bolup  ulanylypdyr. Bu ýeriñ geçmişde ataşparazlar üçin ybadat mekanydygy we Eýran, Hindistan we Pakistandan zoroastrlylaryň gelendigi barasynda taryhy çeşmelerde gürrüñ berilýär.

Güniñ her sagadynda owadan görke eýe bolan  ýanar dagy görmäge daşary ýurtly syýahatçylar gelýärler.

Bu sebit 2007-nji ýylyñ 2-nji maýynda Prezidentiñ karary bilen döredilen Döwlet Taryh-Medeniýet we Goraghana diýip yglan edildi.

2017-2019-njy ýylda sebitde edilen uly gurluşyk işlerinden soñ Ýanardag müzeýi we Ýanardag Dolmen Daş Sergi açyldy.

Habarlar