azerba-jany-tanymal-kompozitory-asaf-ze-nally

Azerbaýjanyñ tanymal kompozitory: Asaf Zeýnally

Zeýnelabidin ogly Asaf Zeýnally, 1909-njy ýylda Dagystanyñ Derbent şäherinde dünýä indi.

18 Mart 2022 20:51

Asaf Zeýnally, 1923-1926-njy ýyllar aralygynda Bakuw aýdym-saz mekdebinde we 1931-nji ýylda bolsa Azerbaýjan döwlet konserwatoriýasynyň kompozisiýa bölüminde okady.

Azerbaýjan aýdym-saz taryhynda ilkinji romanslar Asaf Zeýnalla degişlidir. Onuñ ilkinji milli romanslary (wokal eseri), fortepiano we skripka üçin döreden miniatýura oýunlary, şeýle hem ilkinji simfoniki eserleri Azerbaýjan aýdym-saz medeniýetiniň taryhynda öçmejek yz galdyrdy.

Ol, Azerbaýjan aýdym-saz taryhynda ilkinji gezek çagalar üçin döreden repertuary bilen köp sanly Azerbaýjan halk aýdymyny ýazga aldy.

Asaf Zeýnally, 1932-nji ýylyñ 27-nji oktýabrynda Bakuwda 23 ýaşynda dünýeden ötdi. Kompozitoryñ ady, Bakuw Aýdym-Saz mektebi we Bakuw köçesine berildi.

Habarlar