bursada-2022-turki-dun-sini-medeni-pa-tagtyny-resmi-acylys-konserti-gurnald

Bursada “2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagtynyñ” resmi açylyş konserti gurnaldy

Bursa şäherinde “2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagtynyñ” resmi açylyş konsertine Türki dünýäsinden sungat işgärleri we tans toparlary gatnaşdy.

31 Mart 2022 10:32

Tüki dilli halklaryñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan 2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty yglan edilen Bursa şäherinde Türki döwletleriñ guramasynyñ ýaşulylar geñeşiñ başlygy Binali Ýyldyrym we Medeniýet we Syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyñ gatnaşmagynda geçirilen resmi açylyş konsertde çykyş eden Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyñ prezidenti Ersin Tatar, Türki döwletleriñ ýüregi, ykbaly, köñli we nesliniñ bir bolandygyny aýtdy.

Osman Imperiýasynyñ paýtagty bolan Bursa şäheriñ 2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli ýylyñ dowamynda köp sanly çäreleriñ gurnaljakdygyny belläp geçen prezident Tatar bu çäreleriñ Bursanyñ bütindünýä tanadylyp bu şäheriñ senagatda, söwdada, medeniýet we syýahatçylyk pudagynda Türkiýe döwletine uly goşant goşýan şäher bolandygyny bütindünýä görkezer diýdi.

Bursa welaýatyñ gubernatory Ýakup Janbolat hem eden çykyşynda Bursa şäheriñ 8500 ýyllyk taryha we baý medeñiýete eýe bolandygyny aýtdy. Janbolat, Türki dünýäsinden gelen myhmanlary Bursada myhman etmekten uly begenç duýýandyklaryny hem sözlerine goşdy.

Bursanyñ şäher häkimi Alinur Aktaş, Bursanyñ çuňňur taryhy, baý medeniýeti, göze görnüp duran we maddy  däl medeni mirasy we taryhy baýlygy bilen medeni paýtagt hökmünde saýlanandygyny aýtdy.

Aktaş, 2022-nji ýylyñ dowamynda gurnaljak kongres we ylmy-maslahatlar, konsert we festiwallar, kino, teatr we sergiler bilen köp sanda milli we halkara çäreler gurnalyp Bursanyñ marka gymmatyny hasam ýokarlandyrmaga tagalla etjekdiklerini sözlerine goşdy.

Edilen çykyşlardan soñ TÜRKSOÝ-uñ baş sekretary Düsen Kaseinow Bursa şäher häkimi Alinur Aktaşa “ Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty” resmi ýazgyny gowşurdy.

“2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagtynyñ” resmi açylyş konsertine 20 ýurtdan 20 aýdymçy we 50 sungat toparyndan ybarat bolan 700 adamlyk wekiliýet gatnaşdy. Konsertde aýdym-sazlar, tanslar ýerine ýetirildi.

Habarlar