kon-ada-gazagystan-respublikasyny-hormatly-statdan-dasary-konsullyk-binasy-ac

Konýada Gazagystan Respublikasynyň Hormatly (ştatdan daşary) konsullyk binasy açyldy

Konýada Gazagystan Respublikasynyñ Hormatly ( ştatdan daşary) konsullyk binasy, dabaraly ýagdaýda açyldy.

15 Mart 2022 16:56

Açylyş dabara gatnaşan Gazagystanyñ Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Abzal Saparbekuly hormatly konsullygyñ iki doganlyk döwlete düşümli bolmagyny arzuw etdi.

Köp ýyldan bäri Türkiýe we Gazagystanyñ her pudakda bilelikde işleşýändiklerini belläp geçen ilçi Saparbekuly:” Türkiýe, Gazagystanda iñ köp  firmasynyñ iş alyp barýan 2-nji döwlet. Konýa şäherine uly ähmiýet berýäris. Bu şäherde 100-e golaý Gazak talybymyz ýokary bilim alýar. Hormatly konsulymyz we Ilçihanamyzyñ goldawy bilen Konýadaky gatnaşyklarymyzyñ hasam ösmegini maksatlaýarys”-diýdi.

Gazagystan Respublikasynyñ Konýa hormatlanýan konsuly Mustafa Kabakçy hem eden çykyşynda konsullygyñ Konýa we Türki Dünýäsine düşümli bolmagyny arzuw edip Türkiýäni çynar agajy ýaly görýändiklerini belläp, “ Bu çynaryñ şahalary bar. Olar Türk, Gazak, Gyrgyz, Özbek we Türkmen milletidir”-diýdi.

Dabaranyñ çäginde ilçi Abzal Saparbekuly, hormatly konsul Mustafa Kabakça dombyra saz guraly sowgat etdi.

Açylyş dabara, Konýa welaýatyñ gubernatory Wahdettin Özkan, Adalat we Ösüş partiýasynyñ welaýat başlygy Hasan Angy, Konýa baş prokurory Ramazan Solmaz we köp sanda myhman gatnaşdy.

 

Habarlar