krymly-bokscy-artur-zi-atdinowy-uly-e-isi

Krymly boksçy Artur Ziýatdinowyñ uly ýeñişi

Kanadada ýaşaýan Krymly boksçy Artur Ziýatdinow, Moskwada geçirilen "Battle and Win 58" professional boks ýaryşynda altyn medal gazandy.

06 Mart 2021 19:17

Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilen "Battle and Win 58"  boks ýaryşynda "Krym arslany" ady bilen tanalýan Artur Ziýatdinowyň bäsdeşi Russiýa Federasiýasyndan Deýwid Gladun boldy.

24 ýaşly Krymly türgen Artur Ziýatdinow oýnuň ahyrynda 13-nji ýeňşini gazandy.

Artur Ziýatdinow Özbegistanda dünýä indi we 2008-nji ýylda maşgalasy bilen Krymyň Simferopol şäherine göçdi.

Ziýatdinow meşhur rus tälimçi Sergeý Lapinden tälim aldy. Türgen Ziýatdinow häzirki wagtda Kanadada ýaşaýar we ol ýerde tälime dowam edýär.

Ziýatdinow  gatnaşýan her bäsleşiginde Krym tatar nyşanlary bolan forma geýýär.

Habarlar