nahcywany-t-ze-sy-ahatcylyk-merkezi-agbulak

Nahçywanyň täze syýahatçylyk merkezi:Agbulak

Azerbaýjana bagly Nahçywan Awtonom Respublikasyndaky Agbulak Lyža Merkezinde lyžada sypmak ýaly gyş sportlary Türkiýeden gelen hünärmen topary taparyndan öwredilýär.

13 Mart 2021 17:47

Şahbuz şäherine bagly bolan Agbulak sebitinde täze gurulan lyža merkezinde howpsuzlyk, tehniki we lyžasa typmak tälimi Kaýseri Erjiýes Lyža Merkezinden gelen hünärmenler tarapyndan ýöredilýär.

Agbulak lyža merkezi, ynamly desgalar, ýokary dereje tehnologiýalar bilen üpjün edilen. Lyža dynç alyş merkeziniň güneşli günleri we köp görnüşli ýodalary hem bu ýeriň özüne çekiji aýratynlyklarydyrlar.

Bu lyža merkezinde tejribesiz lyža höwesjeňlere howpsuz ýodalar we tejribeli höwesjeňler üçin bolsa kyn ýodalar hödürlenilýär. 

Medisina kömegi, gurallaryň kärendesi we lyžada typmagy öwretmek hyzmatlary Agbulak Lyža Merkezinde hödürlenýär.

Habarlar