osman-imperi-asyny-pa-tagtlary-bitewi-sy-ahatcylyk-ugry-bolar

Osman Imperiýasynyñ paýtagtlary “bitewi” syýahatçylyk ugry bolar

Türkiýäniñ Edirne şäherinde durmuşa geçiriljek “Osman Imperiýasynyñ paýtagtlary” taslamasy bilen syýahatçylar gadymy paýtagtlary gezip görme mümkinçiligine eýe bolarlar.

06 Mayıs 2022 21:33

Merkezi Edirne şäheriniñ bolmagynda durmuşa geçiriljek syýahatçylyk taslamasy bilen  aralarynda Bilejik, Bursa, Edirne we Stambul şäherleriniñ bolmagynda syýahatçylara Osman Imperiýasynyñ paýtagtlary gezdiriler.

Edirne medeniýet we syýahatçylyk guramasynyñ müdiri Kemal Soýtürk, "Paýtagtlar duşuşýar" syýahatçylyk düşünjesi bilen Osman imperiýasynyň paýtagty bolan şäherleri öz içine alýan taslamanyñ üstünde iş alyp barýandyklaryny aýtdy.

Soýtürk, “ Edirne Osman patyşalaryna ýer eýeçiligi eden şäher.  Edirne, Stambul şäheriniñ basyp alynmagy üçin taýarlyklaryñ görlen şäher. 2022-2030 Master plany çarçawasynda esasanam Osman Imperiýasynyñ paýtagty bolan Bilejik, Bursa, Edirne we Stambulda “ paýtagtlar duşuşýar” taslamasyny durmuşa geçireris”-diýdi.

Osmanlyñ ruhy şöhlelendiriler

Bu taslama bilen Osman Imperiýasynyñ has ýakyndan tanalmagy üçin iş alynyp barlar.

Myhmanlara Osman medeniýeti, ýaşaýyş durmuşy we aşhanasy başda durmagynda Osman döwletini  hemmetaraplaýýn öwrenip biljekleri bir ýol meýilnamasy taýarlanar.

Habarlar