ozbek-halkyny-gahrymanlyk-dessany-alpamys

Özbek halkynyñ gahrymanlyk dessany: Alpamyş

Alpamyş dessany, özbek halkynyñ Kongyrat tiresiniñ taryhyny gürrüñ berýär.

24 Aralık 2021 18:55

IX we X asyrlarda emele gelen “Alpamyş dessany” 1922-nji ýyldan başlap ýazmaça görnüşde ýazylyp başlandy.

Zamanamyza çenli Fazyl Ýoldaşogly, Muhammedkul Janmuratogly, Polkan, Berdi bagşy, Saidmurad Panohogly, Bori bagşy, Bekmurad Jorabaýogly, Mardonakul Awliýokuloglu, Abdullah Nuraliogly, Umir bagşy, HHaýdar Boýçaogly, Rahmatillah, Ýusuf Haýdarogly, Hodir Rahimogly we Nadir Rahimogly ýaly köp sanda bagşydan dessanyñ kyrka golaý görnüşi bellige alyndy. Olaryñ arasynda iñ kämili Fazyl Ýololdasoglunyň ýazan görnüşi.

Alpamyş dessanynyñ doly görnüşini bagşylar ortaça 4-7 günläp ýatdan aýdarlar. Bir gahrymanlyk eseri bolan Alpamyş dessanyñ kabir bölümleri hekaýa käbir bölümleri bolsa şygyr dili bilen gürrüñ berilýär.

Alpamyş özbekleriñ Kongyrat boýunyñ taryhyny gürrüñ berýär. 1999-njy ýylda Alpamyş dessanyñ döredilmeginiň 1000 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi.

Habarlar