turk-dun-sini-umumy-gymmaty-azyjy-cingiz-a-tmatow

Türk dünýäsiniñ umumy gymmaty ýazyjy Çingiz Aýtmatow

Dünýäniñ iň ajaýyp söýgi powesti Jemilede "Hemme zady aýdyp bolmaz, hemme zady düşündirmek üçin sözler ýeterlik däl" –diýen dünýä belli Gyrgyz ýazyjy Çingiz Aýmatowyň dünýeden ötenine 13 ýyl boldy.

10 Aralık 2021 15:42

Çingiz Aýtmatow, 1928-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda Demirgazyk-Günbatar Gyrgyzystanyñ Talas raýonynyñ Şeker obasynda Gyrgyzystan SSR-niñ tanalýan döwlet işgäri Törekul Aýtmatowyñ maşgalasynda dünýä inýär. Törekul aga 1937-nji ýylda tussag edilýär we 1938-nji ýylda "halk duşmany" yglan edilip atylyp öldürilýär. Çingiziñ ejesi tatar Nagima Hamzyýewna Abdylwalyýewa teatr aktrisasydy.

Çingiz Aýmatowyň enesi Aýimkan Hanym we Garagyz Apa Çingize ertekiler, rowaýatlar gürrüñ berdiler we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Bularyñ hemmesi Çingiziñ döredijiliginiñ kemala gelmegine öz goşandyny goşdy.

Çingiz Aýtmatowyñ ýaşlygy örän kyn döwre gabat geldi. Bir tarapdan ýurda täze ornaşyp barýan sowet sistemasyna, bir tarapdanam uruşa garşy dik durmaga çalyşýardy. 14 ýaşynda obasyndaky oba sowetine işe girdi. Obasyndan Gazagystana gidip Jambyl Weterinariýa Tehnikumyna girýär. Soñra Bişkegiñ Frunze adyndaky oba-hojalyk instititynda okuwyna dowam edýär. Ondan soñra Moskwanyñ Maksim Gorkiý adyndaky institutyna okuwa gidýär. Şol ýyllarda ol "Правда" gazetinde ýazyp başlaýar. Eserleri bada-bat meşhurlyk gazanýar we 1957-nji ýylda SSSR-iñ Ýazyjylar Birleşigine kabul edilýär.

1957-nji ýylda Sowet Kommunistik partiýasyna we Sowet ýazyjylar Bileleşigine we 1958-nji ýylda Moskwadaky Edebiýat fakultetine kabul edildi.

1959-njy ýylda “Новый мир” gazetiň redaktory boldy we 1967-nji ýyla çenli şol ýerde işini dowam etdirdi. “Новый мир”-den soň, “Литературный Кыргызстан” žurnalynyň redaktory we 1960-1965-nji ýyllar aralygynda “Правда” gazetiniň Merkezi Aziýa habarçysy bolup işledi.

 1963-nji ýylda Lenin baýragyna mynasyp bolýar. 1968-nji ýylda Beýik Sowet edebiýat baýragyna mynasyp bolýar we şol ýylda Gyrgyzystanyň milli ýazyjysy bolup saýlandy.

1969-njy ýylda Aziýa-Afrika halklarynyň medeni raýdaşlyk guramasynyň wise-prezidenti wezipesine saýlandy.

1978-nji ýylda ýokary Sowet Soýuzynyň Prezidiumy tarapyndan "Sosialistik zähmetiň gahrymany" baýragyna mynasyp boldy.

1990-94-nji ýyllarda SSSR-iñ we Russiýa Federasiýasynyñ, soñra 2008-nji ýyla çenli bolsa Gyrgyzystanyñ baş ilçisi bolup işleýär.

Halkara Issyk Köl forumy, Aýtmatowyň başlangyjy bilen Sowet Soýuzy döwründe intellektuallary bir ýerde jemlemek üçin döredildi.

Forumyñ ilkinji maslahaty 1986-njy ýylyñ oktýabr aýynda Çingiz Aýtmatowyñ saýlan dostlaryny paýtagt Moskwa çakylygy bilen gurnaldy. Moskwada geçirilen maslahatdan soñ ozalky ady Frunze bolan Bişkekde maslahatlar gurnalmaga dowam etdi soñ bolsa Gyrgyzystanyñ dynç alyş merkezi bolan Yssyk kölüniñ kenarynda gurnalmaga başlandy. Gurnalan maslahata gatnaşanlaryñ sanawynda Amerikan ýazyjylar Arthur Miller, James Baldwin, Alvin Toffler, Iñlis ýazyjy we aktýor Peter Ustinov, Fransuz ýazyjy Claude Simon, Efiopiýaly suratkeş Afewerk Tekle, ÝUNESKO-nyñ wekili Federico Mayor, Italýan bilim adamy Augusto Forti, Türkiýeden Ýaşar Kemal ile Zülfü Liwaneli gatnaşdy.

2-njı Yssyk Köl Forumy 1997-nji ýylyñ iýul aýynda paýtagt Bişkekde gurnaldy. Bu foruma dünýäniñ köp ýurdunyñ prezident we hökümet ýolbaşçylary gatnaşdy. Şol ýyl Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Süleýman Demirel hem gatnaşdy. Forumda Zülfi Liwaneli çykyş edip forumyñ çäginde geçirilen maslahata ýolbaşçylyk etdi.

Köp sanly halkara baýraklara mynasyp bolan Çingiz Aýtmatow 1996-njy ýylda Gyrgyzystanyň ÝUNESKO-nyň wekili wezipesine bellendi.

 Ç.Aýtmatow "Asyra barabar gün" romanynyñ kino düşürilişine tomaşa etmek üçin gideninde Tatarystanyñ paýtagty Kazanda 2008-nji ýylyñ 16-njy maýynda näsaglaýar we böwrek ýetmezçiligi ýüze çykyp, bejergi üçin Germaniýa getirilýär. Nýurnbergdäki "Klinikum Nord" hassahanasynda bejergi almaga başlan ýazyjy birden reanimasiýa geçirilýär we 2008-nji ýylyñ 10-njy iýunynda aradan çykýar.

Çingiz Aýtmatow 14-nji iýunda kakasynyň guburynyň ýerleşýän ýeri bolan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekden 25 km uzaklykda, Taş Döbö obasynyň golaýynda ýerleşýän Ata-Beýit milli taryhy we ýadygärlik toplumynda jaýlandy.

Ýazyjynyň aýaly Mariýa Aýmatmatowa 2021-nji ýylyň 4-nji aprelinde Bişkekde koronawirus epidemiýasy sebäpli bejergi alýan hassahanada 79 ýaşynda dünýeden ötdi.

Döredijiligi;
Ikinji Jahan urşyndan soñky ýazyjylar arasynda ýer alan Ç.Aýtmatow "Jemile" powestinden öñ birnäçe hekaýalary we "Ýüzbe-ýüz" powestini ýazypdy. Emma ýazyja şöhrat getiren "Jemile" powesti boldy. Fransuz şahyry Luis Aragon "Jemile" powestine "dünýänin in ajaýyp söýgi kyssasy" diýip baha beripdi. Eserlerinde mifologiýa has ýakyn durdy, onuñ maksady mifologiýany antik galyplardan çykaryp, döwrebap zeminde sintezläp gaýtadan ýugurmakdy. Eserlerinde miflere, legendalara, halk döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenipdir. 1966-njy ýyldan soñ eserlerini diñe rus dilinde ýazyp başlaýar. Kitaplary 176 dilde terjime edilipdir. Ç.Aýtmatow "Urkaçy möjegiñ düýşleri", "Hoşgal Gülsary" romanlarynda diñe adamlaryñ däl-de, haýwanlaryñ hem psihologiýasyny ussatlyk bilen beýan edipdir. Romanlarynda möjek we at ýaly haýwanlara giñ orun beripdir, olara adama mahsus aýratynlyklary beripdir. Bu usuly hem şowly bolupdyr we ol bu özboluşlylygy bilen dünýädäki az sanly ýazyjylaryñ biridir. Ç.Aýtmatow edebi işleriniñ gapdalyndan Ýewropa Bileleşigi, NATO, YUNESKO ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýän gyrgyz delegasiýasyna hem ýolbaşçylyk edýär. 2007-nji ýylda "Altyn Ýürek" baýragyna mynasyp bolýar.

Ýazyjynyñ "Jemile", "Ene toprak", "Deñiz kenarynda ylgaşlaýan ala köpek","Hoşgal Gülsary, "Elwan ýaglykly serwim", "Ak gämi" ýaly powestleri türkmen diline hem terjime edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilen. Şeýle-de onuñ "Kyýamat" romanyny Şadurdy Çaryýew terjime edipdi. Roman "Garagum" žurnalynda dolulygyna çap edilipdi.

Ömrüniň dowamynda köp sanda eser döreden Gyrgyz halkynyñ buýsanç çeşmesi  Çingiz Aýtmatow, Gyrgyz halkynyň Türk dünýäsine we dünýä edebiýatyna beren iň uly sowgadydyr.

2018-nji ýylyñ 12-nji noýabrynda paýtagt Bişkekde gurnalan “ Aýtmatow we teatr” atly teatr festiwalda Azerbaýjanly aktýorlarynyñ oýnan, Gyrgyz režisorlaryñ ýazan “ Mankurt” atly oýun sahnalandy.

Habarlar