turkmenistan-bilen-bae-ni-arasynda-iri-ma-a-go-um-sertnamalary

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda iri maýa goýum şertnamalary

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyndaky Abu Dabiniň Ösüş Gaznasynyň arasynda üç sany uly şertnama gol çekildi.

04 Şubat 2021 19:56

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda iri maýa goýum şertnamalaryna gol çekildi. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyndaky Abu Dabiniň Ösüş Gaznasynyň arasynda üç sany uly şertnama gol çekildi.

  • Birinji şertnama – Türkmenistan hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň (ADFD) arasyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek ähtnamasydyr. Ol hem maýasy 100 million ABŞ dollary bolan maýa goýum kompaniýasynyň bilelikde döredilmegine degişlidir. Birinji tapgyrda taraplaryň hersi 8 million dollar maýa goýmak babatda ylalaşdylar.
  • Ikinji ähtnama – şol bir derejede Türkmenistandaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň netijesinde Jebelde (Balkan welaýatynda) sagatda 100 ýolagçy kabul etmäge mümkinçiligi we bahasy 75 million dollar bolan howa menzili we bahasy 25 million dollara deň bolan alternatiw energiýa taslamasynyň maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.
  • Üçünji resminama – Türkmenistanda senagat taslamalaryny maliýeleşdirmek baradadyr. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasy tarapyndan gol çekildi. Poliwinil asetaty (175 million ABŞ dollary) we NPK dökünlerini (18 million ABŞ dollary) öndürmek üçin gaz-himiýa toplumynyň gurluşygy barada gürrüň gidýär.

Geçirilen gepleşiklerde taraplar bu taslamalaryň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin ähmiýeti, sebitleýin integrasiýa we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Gaznanyň strategiki ugruna laýyklygy barada pikir alyşdylar.

Gol çekilen resminamalarda görkezilen taslamalaryň umumy möçberi 393 million ABŞ dollaryna deň boldy. Möhüm resminamalar Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň baş müdiri Muhammet Saif Al Suwaidi tarapyndan gol çekildi.

Habarlar