xx-asry-ussat-kompozitorlaryndan-kara-kara-ew

XX asryñ ussat kompozitorlaryndan Kara Karaýew

Kara Ebulfezogly Karaýew, Azerbaýjan aýdym-saz medeniýetiniň esasy kompozitoryndan biri.

09 Ocak 2022 16:44

Kara Karaýew, 1918-nji ýylyň 5-nji fewralynda Bakuwda dünýä indi. Kakasy tanymal çaga lukmany Abulfez Karaýewiň ejesi, meşhur şahyr Sona Hanymdy. fortepýano çalýan Sona Hanym çagalarynda sungata bolan söýgini ornaşdyrmak üçin uly tagalla etdi.

Karaýewiň aýdym-saz zehini özüni ýaş wagtynda görkezdi. Ol, sekiz ýaşynda Azerbaýjan döwlet konserwatoriýasyna girdi. Ilkinji mugallymy Azerbaýjanda klassiki sazyň atasy hasaplanýan Uzeýir Hajibaýowdy.

Halkara derejede şöhrata eýe bolan ilkinji Azerbaýjanly kompozitör bolan Karaýew, aýdym-saz alymy Uzeýir Hajibaýowdan soň  Azerbaýjan sazynyň  ikinji ussat kompozitorydyr.

Meşhur rus kompozitory Dimitriý Şostakowiçiň ýakyn dosty bolan kompozitor, Azerbaýjan aýdym-sazynyň bolşy ýaly sowet aýdym-sazynyň hem wekilidi.

Onuñ iñ esasy eseri Nizaminiň poeziýasyna esaslanan Leýla we Mežnun simfoniki eseridir.

Ol 1940-1953-nji ýyllar aralygynda Azerbaýjan Döwlet Konserwatoriýasynyñ rektory bolup işledi. Karaýew, Niýazi Tagizade, Arif Malikow, Ismail Hajybaýow we ogly Faraž Karaýew ýaly köp sanda kompozitör we sazanda ýetişdirdi.

Azerbaýjan döwlet kompozisiýa mekdebiniñ esaslandyryjysy Karaýewiñ ady, dürli orkestr, aýdym-saz mekdeplerin we Azerbaýjanyň köp ýerlerine dakyldy.

Kara Karaýew ömrüniñ soñky 5 ýylyny “dünýäniñ iñ owadan şäheri” diýip taryplan Bakuwdan uzakda Moskwada geçirdi. 1982-nji ýylyñ 13-nji maýynda 64 ýaşynda Moskwada dünýeden ötdi. Onuñ gubury Bakuwdaky Milli hormat gonamçylygynda.

Habarlar